"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz “Hajjatul-Wada’da” Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (Medineden haj zyýaratyny etmek üçin Mekgä tarap) ýola düşdük. Umra hajy etmek üçin telbiýe etdik. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Kimiň ýanynda gurbanlyk maly bar bolsa, haj bilen umrany niýet edip telbiýe etsin. Soňra tä ikisini hem doly berjaý edýänçä, yhramdan çykmasyn!” diýdi. Men Mekgä gelenimde haýyzly ýagdaýdadym.
Haj edip bolanymdan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meni (erkek doganym) Abdurrahman ibn Ebu Bekr bilen Tan‘yma iberdi we men şol ýerden başlap umra etdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bu seniň umra etmeli ýeriňdir” diýdi.
Aişa şeýle diýdi: “Umra niýeti bilen telbiýe eden adamlar, Käbäniň daşyndan towaf edenlerinden soň, yhramdan çykdylar. Soňra Minadan gaýdyp gelenlerinden soň, ýene-de bir towaf etdiler. Emma welin, haj bilen umrany jem edenler, Käbäniň daşyndan diňe bir gezek towaf etdiler”."