Abdulla ibn Amrdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen sapara çykanymyzda, Ol bizden yza galdy. Ikindi namazynyň wagtynda biziň yzymyzdan ýetdi. Biz şonda täret alyp, aýaklarymyza mesh edip durduk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bar güýji bilen, ýagny (sesiniň ýetdiginden) “Dowzahda ýanjak ökjeleriň waý gününe!” diýip, iki-üç gezek gaýtalap gygyrdy