1623

69-nji bap

1623

69-nji bap

1623

69-nji bap

‘Amr (ibn Dinardan) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle gürrüň beripdir: “(Bir gezek) biz Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun): “Umra (hajy) üçin Käbäniň daşyndan towaf edip, ýöne Safa-Merwe daglarynyň arasynda sa’y etmedik adam aýaly bilen jynsy gatnaşykda bolup bilermi?” diýip soradyk. Ibn Omar: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (Mekgä) gelip, ýedi gezek Käbäň daşyndan towaf etdi. Soňra Makamy (Ybrahymyň) arkasynda iki rekagat namaz okady we Safa-Merwe aralygynda sa’y etdi” diýdi. Soňra-da: “Elbetde, siziň üçin Allahyň Pygamberinde gözel görelde bardyr” diýdi.

حَدَّثَنَا قُتَيْبَةُ بْنُ سَعِيدٍ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، عَنْ عَمْرٍو، سَأَلْنَا ابْنَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: أَيَقَعُ الرَّجُلُ عَلَى امْرَأَتِهِ فِي العُمْرَةِ قَبْلَ أَنْ يَطُوفَ بَيْنَ الصَّفَا وَالمَرْوَةِ؟ قَالَ: «قَدِمَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، فَطَافَ بِالْبَيْتِ سَبْعًا، ثُمَّ صَلَّى خَلْفَ المَقَامِ رَكْعَتَيْنِ، وَطَافَ بَيْنَ الصَّفَا وَالمَرْوَةِ» وَقَالَ: ﴿لَقَدْ كَانَ لَكُمْ فِي رَسُولِ اللَّهِ إِسْوَةٌ حَسَنَةٌ﴾.

Salgylanma:

” • Sa’y – Safa – Merwe daglarynyň arasynda ýedi gezek gidip- gelmeklige, arasynda-da ylgamaklyga aýdylýar. • Ahzab:21″