"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselem Mekgä gelende ilki bilen täret alyp, soňra towaf etdi. Ýöne bu umra boldygy däldi. (Çünki, muny edip yhramdan çykmady). Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselemden soň Ebu Bekr we Omar hem (Allah olardan razy bolsyn) haj edenlerinde edil şonuň ýaly etdiler.
Soňa men (kakam) Ebuz-Zubeýr bilen (Allah ondan razy bolsun) haj etdim. Onuň hem ilkinji eden işi, Käbä towaf etmek boldy. Soňra men Muhajirleri we Ensarylary gördüm, olaryň hemmesi hem şonuň ýaly etdiler. Olaryň hem bu eden zatlary umra bolmady.
Ejem Äsmä maňa şeýle habar berdi: “Onuň özi, aýal dogany (Aişe), Zubeýr we pylan-pylan adamlar bolup umra hajy etmek üçin yhram baglap, telbiýe edipdirler. Bular Hajerul-Eswede ellerini degirip, ogşanlaryndan soň, (ýagny, towaf we sa‘y edenlerinden soň) yhramdan çykypdyrlar."