Habar berilmegine görä, Omar ibn Hattab (Allah ondan razy bolsun) Hajarul-Eswediň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: “Wallahi, men seniň ne zyýany ne-de peýdasy degmeýän bir daşdygyňy gaty gowy bilýärin. Eger-de, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň saňa elini degirenini (öpenini) görmedik bolsadym, men saňa elimi degirmezdim (öpmezdim)” diýdi we oňa elini degirdi. Soňra ýene-de: “(Towaf edende) gaty-gaty ýöremegiň bize geregem ýokdy, biz muny diňe müşriklere güýjimizi görkezmek üçin edipdik. Allah olary bir eýýäm heläk etdi” diýdi. (Bulary aýdandan soň) ýene-de: “Emma Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň eden zatlaryny welin terk etmek islemeýäris!” diýdi.