1599

52-nji bap

1599

52-nji bap

1599

52-nji bap

Nafi’dan rowaýat edilmegini görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) Käbäniň içine giren wagty, göni öňe tarap ýöräp, (Käbäniň) gapysyny arka tarapyna geçirerdi. Öňündäki diwar bilen öz durjak ýeriniň aralygy, takmynan, üç gez galýança öňe tarap ýörärdi we ol, Bilalyň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okan ýeri diýip gürrüň beren ýerinde okajak bolardy. (Ibn Omar): “Käbäniň içinde islendik tarapa seredip namaz okalsa-da, zyýany ýokdur” diýdi.

حَدَّثَنَا أَحْمَدُ بْنُ مُحَمَّدٍ، أَخْبَرَنَا عَبْدُ اللَّهِ، أَخْبَرَنَا مُوسَى بْنُ عُقْبَةَ، عَنْ نَافِعٍ، عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّهُ كَانَ إِذَا دَخَلَ الكَعْبَةَ، مَشَى قِبَلَ الوَجْهِ حِينَ يَدْخُلُ، وَيَجْعَلُ البَابَ قِبَلَ الظَّهْرِ، يَمْشِي حَتَّى يَكُونَ بَيْنَهُ وَبَيْنَ الجِدَارِ الَّذِي قِبَلَ وَجْهِهِ قَرِيبًا مِنْ ثَلاَثِ أَذْرُعٍ، فَيُصَلِّي، يَتَوَخَّى المَكَانَ الَّذِي أَخْبَرَهُ بِلاَلٌ: «أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ صَلَّى فِيهِ، وَلَيْسَ عَلَى أَحَدٍ بَأْسٌ أَنْ يُصَلِّيَ فِي أَيِّ نَوَاحِي البَيْتِ شَاءَ«.