Usame ibn Zeýdden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Ýa Resulallah! (Ertir) Sen nirede galjak, Mekgedäki öz öýüňdemi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Akil näme öý goýdymy ýa jaý goýdymy?”.
Akil bilen Talyb Ebu Talybyň mirasdüşerleri boldy. Ja‘far bilen Aly bolsa (Allah olardan razy bolsyn) Ebu Talybdan hiç zat miras almadylar, sebäbi olar musulmandylar. Akil we Talyb bolsa kapyrdyrlar.
Omar ibn Hattab (Allah olardan razy bolsun): “Mu’min adam kapyrdan miras almaz” diýdi. Ibn Şihab: “Muny Allahyň şu aýatlary bilen düşündiripdirler diýdi”.
Allah Tagala şeýle diýdi: “Iman getirip, Allahyň ýolunda hijret (göç) edenler, emläkleri we janlary bilen söweşenler we olara arka çykan ensarlar (medineli musulmanlar), ine, olar birek-biregiň dostlarydyr (biri-birileriniň mirasdüşerleridir). {Enfal:72}."