"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa şeýle diýipdir: “Eý, Aişa! Eger-de seniň kowumyň jähiliýýet döwrüne şeýle ýakyn bolmadyk bolsalardy, men hökman Käbäni ýykdyryp, onuň öňki durkundan aýrylan zatlary birikdirerdim, gapysyny hem ýer bilen deň ederdim. Gündogar we günbatar tarapynda, iki sany gapy goýardym” diýen sözüni aýdyp berdim. Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýadynyň üstünden gurardym.
Ibn Zubeýriň (Allah olardan razy bolsun) Käbäniň ýykmaklygynyň sebäbi hem (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Aişa aýdyp beren) bu arzuwy boldy.
Ýezid şeýle diýdi: “Men Ibn Zubeýriň Käbäni ýykyp täzeden gurdyranyna şaýat boldum. Hijriň belli bir bölegini Käbä birikdirdi. Şol wagt men Käbäniň binýadynda, Ibrahym (aleýhissalam) tarapyndan goýulan, düýäniň örküçleri ýaly daşlary gördüm. Jerir şeýle diýdi: “Men Ýezide: “Ibrahym (aleýhissalamyň) binýadynyň ýeri nirede?” diýip soradym. Ýezid: “Men häzir ony saňa görkezjek” diýdi. Men onuň bilen bilelikde Hijre girdim. Ol: “Han-ha, şol ýerde” diýip bir ýer görkezdi. Jerir şeýle diýdi:"