"Bize Ebu Şihäb gürrüň berip şeýle diýdi: “Bir gezek men Tammatu‘ hajy etmek niýeti bilen umra etmäge geldim. Biz Terwiýe gününden üç gün öň Mekgä girdik. Mekgelilerden käbir adamlar maňa: “Seniň bu hajyň Mekgelileriň hajlary ýaly (kynçylyksyz, sogaby az haja) öwrüldi” diýdiler. Men hem derrew ‘Ata (ibn Rabahyň) ýanyna baryp bu hakda ondan petwa soradym.
Ol şeýle diýdi: “Maňa Jäbir ibn Abdulla (Allah olardan razy bolsun) şeýle gürrüň berdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýany bilen gurbanlyk düýelerini alyp haja giden wagty, men hem onuň bilen bile haj edipdim. (Şol wagt) adamlar diňe ifrad hajy (diňe hajyň özüni) etmek üçin yhram baglapdylar.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara: “Käbäniňň daşyndan towaf, Safa-Merwäniň arasynda sa‘y etmek we saçlaryňyzy gysgaltmak bilen yhramlayňyzdan çykyň. Soňra yhramsyz, adaty ýaşaýşyňyz ýaly (Mekgede) ýaşaň. Haçanda, terwiýe güni gelende, haj etmek niýeti bilen (täzeden) yhrama giriň. Şeýlelikde owwalky niýet edip gelen ifrad hajyňyzy Tammatu‘ hajyna öwüriň!” diýdi.
Sahabalar: “(Ýa Resulallah!) Biz yhrama girenimizde (diňe) haj diýip aýdanymyzdan soň, nädip ony mut‘a (ýagny umra) edip bileris?” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Siz meniň buýran zadymy ediň! Eger-de, menem ýanym bilen gurbanlyk mallarymy getirmedik bolsadym, size buýuryşym ýaly ederdim. Ýöne bu gurbanlyk mallar öz barmaly ýerlerine barýançalar (ýagny, Minada kesilýänçä), yhramly adamlara haram edilen zatlaryň hiç biri maňa halal bolmaz” diýdi. Şondan soň sahabalar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň buýuryşy ýaly etdiler."