1563

34-nji bap

1563

34-nji bap

1563

34-nji bap

Merwan ibn Hakemden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Osman bilen Alyny (Allah oladan razy bolsyn) ikisinem görüpdim. Osman Tammatu‘ hajy we haj bilen umrany bilelikde berjaý etmekligi gadagan ederdi. Aly muny görüp: “Lebbeýke bi ‘umratin wä hajjatin!” diýip, haj bilen umrany, ikisini birden etmeklige yhram baglap telbiýe etdi we ol: “Men kimdir biriniň sözi üçin Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sünnetinden dänmerin!” diýip aýtdy”.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ بَشَّارٍ، حَدَّثَنَا غُنْدَرٌ، حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، عَنِ الحَكَمِ، عَنْ عَلِيِّ بْنِ حُسَيْنٍ، عَنْ مَرْوَانَ بْنِ الحَكَمِ، قَالَ: شَهِدْتُ عُثْمَانَ، وَعَلِيًّا رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا وَعُثْمَانُ «يَنْهَى عَنِ المُتْعَةِ، وَأَنْ يُجْمَعَ بَيْنَهُمَا»، فَلَمَّا «رَأَى عَلِيٌّ أَهَلَّ بِهِمَا، لَبَّيْكَ بِعُمْرَةٍ وَحَجَّةٍ»، قَالَ: «مَا كُنْتُ لِأَدَعَ سُنَّةَ النَّبِيِّ ﷺ لِقَوْلِ أَحَدٍ«.

Salgylanma:

•Osman radyýallahu anhu ikisini bile etmän hersini aýry wagtda gelip etmekligi gowy görüpdir. Şeýle edilse Käbe elmydama adamly bolar öýdüpdir.