Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz hoşlaşyk haj ýylynda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (Medineden haç zyýaratyny etmek üçin Mekgä tarap) ýola düşdük. Biziň içimizde diňe umra etmek üçin yhram baglap telbiýe edenlerem bardy, umra we (parz) hajy bilelikde etmegi niýet edip telbiýe edenlerem bardy. Şeýle hem, biziň aramyzda diňe (parz) hajy etmek üçin yhram baglap, telbiýe edenlerem bardy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem haj etmek üçin yhram baglap, telbiýe etdi. Emma diňe (parz) hajy ýa-da haj bilen umrany bilelikde berjaý etmek niýetdäkiler, gurbanlyk gününe çenli yhramdan çykmadylar”.