"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen haj etmek üçin haj aýlarynda, haj gijelerinde (ýagny haj döwründe), hajyň ähli gadagan eden zatlaryny berjaý edip, (Medineden Mekgä tarap) ýola düşdük. Baryp (Mekgäniň golaýnda) Serif diýen bir ýerde düşledik.
Aişa şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sahabalarynyň ýanyna baryp: “Araňyzda kimiň ýanynda gurbanlyk maly ýok bolsa we umra etmek isleýän bolsa, goý ol umra etsin! Eger-de kim ýany bilen gurbanlyk malyny getiren bolsa, onda ol (hajyny) umra öwürip bilýän däldir” diýdi.
Aişa şeýle diýdi: “Sahabalaryň arasynda (yhramdan çykyp) umra edenlerem boldy, etmediklerem boldy”.
Aişa şeýle diýdi: “Emma Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we onuň käbir sahabalry güýçli adamlardy, olaryň ýanynda gurbanlyk mallary bardy. (Şonuň üçin hem) olar umra edip bilmediler.
Aişa şeýle diýdi: “Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meniň ýanyma geldi. Meniň aglap duranymy görüp: “Eý aýal! Sen näme üçin aglaýarsyň!” diýdi. Men oňa: “Men seniň sahabalaryňa aýdan sözleriňi eşitdim. Diýmek, maňa umra etmek gadagan boldy” diýdim. Ol: “Saňa näme bolýar?” diýip sorady. “Men namaz okap bilemok” diýdim. Ol: “Munuň zyýany ýok! Senem Adam (atanyň) gyzlaryndan birisiň-dä, Allah muny (Adam atanyň) beýleki gyzlaryna takdyrlap ýazyp goýuşy ýaly saňa-da takdyrlap ýazyp goýandyr. Sen haj niýetiňde dowam et, belki Allah saňa umra etmegi-de nesip eder” diýdi.
Aişa şeýle diýdi: “Soňra biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen haj etmegi dowam etdik. Haçanda, Mina gelenimizde, men (aýbaşymdan) päklendim. Soňra Minadan çykyp Käbäň daşyndan (ifada) towafyny etdim”.
Aişa şeýle diýdi: “Soňra biz Minanyň soňky güni (Zul-Hijje aýynyň on üçüne) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen ýola düşdik we Muhassab diýilýän ýere gelip, şol ýerde düşledik. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (erkek doganym) Abdurrahman ibn Ebu Bekri çagyryp: “Aýal doganyň (Aişany) al-da, haramyň çäginden daşyna çykyň we şol ýerde umra hajy etmek üçin yhrama baglap, telbiýe etsin. Soňra umra hajy berjaý ediň-de, ýene şu ýere geliň. Men size tä gelýänçäňiz, şu ýerde garaşaryn” diýdi.
Aişa şeýle diýdi: “Soňra biz gitdik we ähli etmeli işlerimizi edip, Käbäň daşyndan towaf edip bolanymdan soň, ir säher bilen onuň ýanyna gaýdyp geldim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Umra edip bolduňyzmy?” diýip sorady. Men: “Howa” diýdim. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sahabalaryna ýola düşmekligi yglan etdi. Adamlar (Medinä) tarap ýola düşdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinä gidip barýarka (ertir namazyndan öň Käbä baryp hoşlaşyk towafyny edip, ondan soň gitdi)”."