"Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) Zul-Huleýfede ertir namazyny okan wagty, düýesiniň eýerlenmegini emr ederdi. Eýerlenenden soň oňa münerdi. Haçanda, onuň düýesi dik üstüne galanda, dik duran ýerinden kybla tarap öwrülerdi, soňra bolsa, tä, Harama barýança telbiýe aýdyp gelerdi. Harama girende telbiýe aýtmagy bes ederdi. Soňra Za-Tuwa jülgesine gelip, gije daňa atýança şol ýerde galardy. Ertir namazyny okandan soň bolsa, (gusul alyp) suwa düşerdi.
Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem edil şeýle etdi diýerdi”."