"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinede biziň bilen öýle namazyny dört rekagat okady, Zul-Hüleýfede bolsa ikindi namazyny iki rekagat okady. Soňra tä, daň atýança ol ýerde galdy.
Irden Pygamberimiz sallallhu aleýhi wesellem düýesine münüp, Baýda bardy. Ol ýere baranda “Alhamdulilläh, Subhanalla we Allahu Akbär” diýdi. Soňra bolsa, haj we umrany bilelikde berjaý etmeklige niýet edip, telbiýe etdi. Beýleki adamlaram şonuň ýaly telbiýe etdiler. Mekgä baranymyzda olar, Pygamberimiz sallallhu aleýhi wesellemiň buýrugy bilen yhramdan çykdylar. Soňra Terwiýe güni (ýagny, Zul-hijje aýynyň sekizinji güni) adamlar haj etmek üçin (ýene-de) yhrama girdiler”.
Enes şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öz eli bilen bir näçe düýeleri dik duran ýerlerinde gurban etdi. Medinede bolsa iki sany şahly, ala reňkli goçy gurban etdi”."