"Ýa‘lä ibn Umeýýeden (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, bir gün ol Omara (Allah ondan razy bolsyn): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme wahy gelen wagty maňa-da görkezäý” diýdi.
(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ji‘ranada wagty, ýanynda birnäçe sahabalary hem bardy, olaryň ýanyna bir adam gelip: “Ýa Resulallah! Umra hajy berjaý etmek üçin yhram baglanandan soň, hoşboý yslary çalynan kişi barada näme äýdyp bilersiň?” diýip sorady.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir salym gürlemän dymyp durdy. Şol wagt oňa wahy gelip başlady. Omar (Allah ondan razy bolsyn) derrew Ýa‘lä yşarat etdi. Ýa‘lä geldi. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň üsti günden goranmak üçin bir bölek mata bilen örtülen-di. Ýa‘lä kellesini şol örtügiň içine sokdy we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň (wahynyň agyrlygyndan) ýaňa ýüzüniň gyzaryp gidendigini gördi. Özi hem (ýatan adamyň horlaýşy ýaly) horlaýardy. (Haçanda wahy gutaryp) ýuwaş-ýuwaş özüne gelenden soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hany, şol umra barada soran adam nirede?” diýip sorady.
Ol adamy getirdiler, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “(Bedeniňdäki) ol ysy üç gezek ýuw we egniňdäki jübbäňi (donuňy) çykar-da, haj eden wagtyň näme edýän bolsaň, umrada-da şonuň ýaly et!” diýdi."