Habar berilmegine görä, Zeýd ibn Jubeýr, Abdyllah ibn Omaryň (Allah olardan razy bolsun) öýüne gelip: “Men nireden umra edip başlamaly?” diýip sorady. Ibn Omar: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Nejdiň ýaşaýjylary üçin Karny, Medinäniň ýaşaýjylary üçin Zul Huleýfäni, Şamyň ýaşaýjylary üçin bolsa, Juhfany mikat edip belledi” diýdi.