1498

65-nji bap

1498

65-nji bap

1498

65-nji bap

"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Israýyl ogullaryndan bolan bir adam öz kowumyndaky bir adamdan müň dinar karzyna pul sorady. Ol hem onuň soran pulyny karz berdi. (Bergisini gaýtaryp bermeli möhleti gelende) deňize çykmaly boldy, ýöne welin gämi tapyp bilmedi. Şonda ol bir bölek agajyň içini oýup müň dinary onuň içinde goýdy-da, ony deňize taşlady. Pul karz beren adam (bergidar adamsy wagtynda geler umydy bilen) deňize çykdy (emma ol gelmedi). Kenarda bir bölek agajy görüp ony ýakmak üçin öýüne alyp gitdi”. Bu hadysy dolulygyna aýdyp bolandan soň: “Ol adam agajy döwüp ýaran wagty onuň içinden (müň dinar) puluny tapdy” diýip gürrüň berdi”. "

وَقَالَ اللَّيْثُ: حَدَّثَنِي جَعْفَرُ بْنُ رَبِيعَةَ، عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بْنِ هُرْمُزَ، عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ: «أَنَّ رَجُلًا مِنْ بَنِي إِسْرَائِيلَ سَأَلَ بَعْضَ بَنِي إِسْرَائِيلَ بِأَنْ يُسْلِفَهُ أَلْفَ دِينَارٍ، فَدَفَعَهَا إِلَيْهِ فَخَرَجَ فِي البَحْرِ، فَلَمْ يَجِدْ مَرْكَبًا، فَأَخَذَ خَشَبَةً، فَنَقَرَهَا، فَأَدْخَلَ فِيهَا أَلْفَ دِينَارٍ، فَرَمَى بِهَا فِي البَحْرِ، فَخَرَجَ الرَّجُلُ الَّذِي كَانَ أَسْلَفَهُ، فَإِذَا بِالخَشَبَةِ، فَأَخَذَهَا لِأَهْلِهِ حَطَبًا»، فَذَكَرَ الحَدِيثَ فَلَمَّا نَشَرَهَا وَجَدَ المَالَ.

Salgylanma:

•Bu hadys şu ýerde dolulygyna getirilmeýär.