Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mu‘az ibn Jebeli Ýemene iberen wagty oňa şeýle diýdi: “Sen ähli kitapdan bolan, bir kowumuň ýanyna bararsyň. Olaryň ýanyna baran wagtyň, olary ýeke-täk Allahdan başga (Hak ybadat edere) hiç bir hudaýyň ýokdugyna we Muhammediň hem Allahyň Resuly - Ilçisidigine şaýatlyk etmeklerine çagyr. Eger olar muny kabul edip, saňa boýun bolsalar, Allahyň olara bir gije-gündiziň dowamynda bäş wagt namaz okamaklygy parz edendigini habar ber. Eger-de olar muny hem kabul edip, saňa boýun bolsalar, Allahyň olara baýlaryndan alynyp, garyplaryna berilmeli zekat sadakasyny parz edendigini hem habar ber. Eger-de olar muny hem etmekde saňa boýun bolsalar, onda sen olaryň mallaryndan (emläklerinde) iň gowusyny almakdan saklangyn. Şeýle hem mazlumyň (zulum göreniň bet) dogasyndan saklan, çünki, onuň dogasy bilen Allahyň arasynda hiç bir perde ýokdur!”.
” •Emir we dolandyryjy hökmünde
Injil we Töwrat iberilen kowum, hristiýanlar we ýehudylar
• ýagny, zekat alanyňda iň gowusyny we gymmadyny alman ortaça bolan mallaryndan, emläklerinden algyn
• Allah hökman onuň dilegini kabul eder”