1494

62-nji bap

1494

62-nji bap

1494

62-nji bap

Ummu ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Aişanyň ýanyna gitdi-de: “Iýer ýaly zadyňyz barmy?” diýip sorady. Aişa hem: “Ýok, diňe şol seniň Nuseýbä sadaka hökmünde iberen goýunyňdan, Nuseýbe bir bölek bize-de etinden ugradypdy, şondan başga zat ýok” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Getir şony!) ol eýýäm ýerine düşdi” diýdi”.

"حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، حَدَّثَنَا يَزِيدُ بْنُ زُرَيْعٍ، حَدَّثَنَا خَالِدٌ، عَنْ حَفْصَةَ بِنْتِ سِيرِينَ، عَنْ أُمِّ عَطِيَّةَ الأَنْصَارِيَّةِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: دَخَلَ النَّبِيُّ ﷺ عَلَى عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، فَقَالَ: «هَلْ عِنْدَكُمْ شَيْءٌ؟» فَقَالَتْ: لاَ إِلَّا شَيْءٌ بَعَثَتْ بِهِ إِلَيْنَا نُسَيْبَةُ مِنَ الشَّاةِ الَّتِي بَعَثت بِهَا مِنَ الصَّدَقَةِ، فَقَالَ: «إِنَّهَا قَدْ بَلَغَتْ مَحِلَّهَا «."

Salgylanma:

” •Nuseýbe Ensaryýýa bu Ummu ‘Atyýýanyň özüdir. Bu goýun, Nuseýbe Ensaryýýa üçin sadaka hökmünde berildi, ol bolsa Aişa enemize sowgat hökmünde etiň bir bölegini iberdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ol eýýäm ýerine düşdi” diýmegi, ilki berilen adama sadakady, inni sowgat hökmünde ondan iýmekligiň jaýyzdygyny tassyklady.”