Omar ibn Hattabdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) Allah ýolunda uruşa gatnaşmak isleýän bir adama bir at (sadaka hökmünde) berdim. Ol ata gowy ideg edip bilmedi. Soňra men (şol aty) arzan satar öýdüp, ondan satyn almak isledim we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden bu hakda maslahat soradym. Ol maňa: “Ony satyn alaýma, bir dirheme-de berse, beren sadakaňy yzyna almagyn! Çünki sadakasyny yzyna alan adam, öz gusugyny iýen adam ýalydyr” diýdi”.