"Abdullah ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Omar ibn Hattab Allah ýolunda (jihäde gatnaşmak isleýän bir adama) bir at sadaka berdi. Soňra ol atyň satylýandygyny görüp, ony satyn alasy geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna baryp, maslahat sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem oňa: “(Hiç haçan) beren sadakaňy yzyna alma!” diýdi
Ine, şol sebäpli hem Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) sadaka beren bir zadyny satyn alan ýagdaýynda ony (täzeden) emläginde goýmak üçin almazdy, şol zady ýene-de sadaka bermek üçin alardy."