"Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem gurban (ýa-da Remezan baýramynda, baýram) namazyny okalýan ýere gitdi. Namazdan soň adamlara wagyz edip, olara sadaka bermekligi emr etdi. “Eý, adamlar, sadaka beriň!” diýdi. Soňra aýallaryň ýanyna baryp: “Eý, aýallar! Sadaka beriň, çünki Men jähennemiň içindäkileriniň aglaba böleginiň sizdendigini gördüm” diýdi. Olar “Ýa Resulallah! Näme sebäpden beýle bolar?” diýip soradylar.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara: “Çünki siz köp nälet (gargyş) edýärsiňiz, ärleriňiziň (edenini unudyp), olara nä şükür bolýarsyňyz. Men akylly-paýhasly adamlaryň akylyny başyndan alyp bilýän, din we akyl taýdan kem adamlaryň içinde siziň ýaly başarjaň başga hiç kimi görmedim!” diýdi.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem çykyp gitdi we öýüne barandan soň onuň ýanyna Ibn Mes‘udyň aýaly Zeýneb gelip, girmek üçin rugsat sorady. “Ýa Resulullah! Zeýneb, rugsat soraýar!’ diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Haýsy Zeýneb!” diýip sorady. “Ibn Mes‘udyň aýaly” diýip aýtdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bolýar, rugsat beriň, girsin!” diýdi. Oňa girmäge rugsat berdiler. Ol aýal: “Eý Allahyň Pygamberi! Sen şu gün sadaka bermegi emr etdiň. Meniň bezeg şaý seplerim bar, men olary sadaka bermekçidim, emma welin Ibn Mes‘ud, öziniň we çagalarynyň başgalara garanyňda sadaka has köp mynasypdygyny aýdýar!” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ibn Mes‘ud dogry aýdypdyr, Ýoldaşyň we çagalaryň seniň sadaka berjek bolýan adamlaryňdan bu meselede hukuklary başgalardan has köpdür” diýdi”."