1454

38-nji bap

1454

38-nji bap

1454

38-nji bap

"Enes (ibn Mälik Allah ondan razy bolsyn) şeýle gürrüň berýär: “Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsyn) ony zekat toplamak üçin Bahreýine ugradan wagty oňa şu haty ýazyp berdi: “Bismillä hirrohmän-nirrohim. Bu Allahyň öz Resulyna eden buýrugy esasynda, Resulullah asllallahua aleýhi wesellemiň musulmanlara parz eden zekady hakyndadyr. Musulmanlardan kimden şu kitapdaky görkezilen mukdarda zekat bermekligi talap edilse, şol musulman zekadyny bersin. Eger-de (bellenilen möçberden) köp soralsa, onda (artykmajyny) bermesin. Ýigrimi dört we ondan az bolan düýelerde, (zekat hökmünde) her bäş düýeden bir goýun bermek wajypdyr. Egerde, düýeleriň sany: 25-den 35-çenli bolsa, 1- urkaçy bintu mahad (bir ýaşan) düýe bermeli. 36-dan 45-çenli 1-urkaçy bitu lebun (iki ýaşan) düýe, 46-dan 60- çenli botlama çagyna gelen 1- hikka (üç ýaşan) düýe bermeli. 61-den 75-çenli jazaga (dört ýaşan) düýe, 76-dan 90-çenli 2 sany bintu lebun (iki ýaşan urkaçy) düýe, 91-den 120 çenli botlama çagyna gelen 2- hikka (üç ýaşan) düýe bermeli. Eger-de düýeleriň sany 120 (ýüz ýigrimiden) geçse, onda her kyrk düýe üçin bir bintu lebun (iki ýaşan urkaçy) düýe we her elli düýe üçin bolsa, bir hikka (üç ýaşan) düýe bermelidir. Eger, bir adamyň diňe dört sany düýesi bar bolsa, eger-de, eýesiniň özi meýletin bermek islemese, şol düýelerde zekat ýokdur. Düýeleriň sany bäşe ýetse, bir goýun zekat bermek wajypdyr. Goýundan berilmeli zekadyň tertibi: Eger-de öri meýdanlarda gezýän goýunlaryň sany 40 bilen 120 aralygynda bolsa, onda 1 goýun zekat berilmeli. 120-den artsa 200-e çenli 2 goýun, 200-den artsa 300-e çenli 3 goýun, goýunyň sany üç ýüzden artsa, onda her ýüz goýundan 1 goýun zekat bermek wajypdyr. Eger-de öri meýdanda bakýan goýunlarynyň sany 40 goýundan ýekeje bir goýun kem bolan ýagdaýynda-da, eger-de, eýesiniň özi meýletin bermek islemese zekat bermek wajyp däldir. Kümüşiň zekady kyrkyndan birini bermelidir. Eger-de kümüş ýüz togsan dirhemden geçmese, eger-de, eýesiniň özi meýletin bermek islemese zekat bermek wajyp däldir”."

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ المُثَنَّى الأَنْصَارِيُّ، قَالَ: حَدَّثَنِي أَبِي، قَالَ: حَدَّثَنِي ثُمَامَةُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ أَنَسٍ، أَنَّ أَنَسًا، حَدَّثَهُ: أَنَّ أَبَا بَكْرٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، كَتَبَ لَهُ هَذَا الكِتَابَ لَمَّا وَجَّهَهُ إِلَى البَحْرَيْنِ: بِسْمِ اللَّهِ الرَّحْمَنِ الرَّحِيمِ هَذِهِ فَرِيضَةُ الصَّدَقَةِ الَّتِي فَرَضَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ عَلَى المُسْلِمِينَ، وَالَّتِي أَمَرَ اللَّهُ بِهَا رَسُولَهُ، «فَمَنْ سُئِلَهَا مِنَ المُسْلِمِينَ عَلَى وَجْهِهَا، فَلْيُعْطِهَا وَمَنْ سُئِلَ فَوْقَهَا فَلاَ يُعْطِ. فِي أَرْبَعٍ وَعِشْرِينَ مِنَ الإِبِلِ، فَمَا دُونَهَا مِنَ الغَنَمِ مِنْ كُلِّ خَمْسٍ شَاةٌ. إِذَا بَلَغَتْ خَمْسًا وَعِشْرِينَ إِلَى خَمْسٍ وَثَلاَثِينَ، فَفِيهَا بِنْتُ مَخَاضٍ أُنْثَى، فَإِذَا بَلَغَتْ سِتًّا وَثَلاَثِينَ إِلَى خَمْسٍ وَأَرْبَعِينَ فَفِيهَا بِنْتُ لَبُونٍ أُنْثَى، فَإِذَا بَلَغَتْ سِتًّا وَأَرْبَعِينَ إِلَى سِتِّينَ فَفِيهَا حِقَّةٌ طَرُوقَةُ الجَمَلِ، فَإِذَا بَلَغَتْ وَاحِدَةً وَسِتِّينَ إِلَى خَمْسٍ وَسَبْعِينَ، فَفِيهَا جَذَعَةٌ فَإِذَا بَلَغَتْ يَعْنِي سِتًّا وَسَبْعِينَ إِلَى تِسْعِينَ، فَفِيهَا بِنْتَا لَبُونٍ فَإِذَا بَلَغَتْ إِحْدَى وَتِسْعِينَ إِلَى عِشْرِينَ وَمِائَةٍ، فَفِيهَا حِقَّتَانِ طَرُوقَتَا الجَمَلِ، فَإِذَا زَادَتْ عَلَى عِشْرِينَ وَمِائَةٍ، فَفِي كُلِّ أَرْبَعِينَ بِنْتُ لَبُونٍ وَفِي كُلِّ خَمْسِينَ حِقَّةٌ، وَمَنْ لَمْ يَكُنْ مَعَهُ إِلَّا أَرْبَعٌ مِنَ الإِبِلِ، فَلَيْسَ فِيهَا صَدَقَةٌ إِلَّا أَنْ يَشَاءَ رَبُّهَا، فَإِذَا بَلَغَتْ خَمْسًا مِنَ الإِبِلِ، فَفِيهَا شَاةٌ. وَفِي صَدَقَةِ الغَنَمِ فِي سَائِمَتِهَا إِذَا كَانَتْ أَرْبَعِينَ إِلَى عِشْرِينَ وَمِائَةٍ شَاةٌ، فَإِذَا زَادَتْ عَلَى عِشْرِينَ وَمِائَةٍ إِلَى مِائَتَيْنِ شَاتَانِ، فَإِذَا زَادَتْ عَلَى مِائَتَيْنِ إِلَى ثَلاَثِ مِائَةٍ، فَفِيهَا ثَلاَثُ شِيَاهٍ، فَإِذَا زَادَتْ عَلَى ثَلاَثِ مِائَةٍ، فَفِي كُلِّ مِائَةٍ شَاةٌ، فَإِذَا كَانَتْ سَائِمَةُ الرَّجُلِ نَاقِصَةً مِنْ أَرْبَعِينَ شَاةً وَاحِدَةً، فَلَيْسَ فِيهَا صَدَقَةٌ إِلَّا أَنْ يَشَاءَ رَبُّهَا. وَفِي الرِّقَّةِ رُبْعُ العُشْرِ، فَإِنْ لَمْ تَكُنْ إِلَّا تِسْعِينَ وَمِائَةً، فَلَيْسَ فِيهَا شَيْءٌ إِلَّا أَنْ يَشَاءَ رَبُّهَا«.