"Wasi’ ibn Habbandan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýer eken:
“Käbir adamlar “Meýdan etmek üçin oturan wagtyňyzda, Kybla we Beýtul-Makdise tarap öwrülmäň” diýýärler. Abdulla ibn Omar bolsa şeýle diýdi: “Bir gün men öýümiziň üçegine çykanymda (şol ýerden) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň meýdan etmek üçin Beýtul – Makdise tarap öwrülip, iki sany kerpijiň üstünde oturandygyny gördüm”.
Soňra (Abdulla ibn Omar, Wasi’a) ýüzlenip: “Belki, sen budlaryň üstünde (çöke düşüp), namaz okaýanlardan bolaýma?” diýdi. Men “Bilmedim, Wallahy!” diýdim.
(Ymam) Mälik “(Abdulla ibn Omar bu ýerde) ýerden galman namaz okaýan, ýere ýapyşyp sejde edýänleri kast edýär” diýdi."