Ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň baýram namazyny hutbadan öň okandygyna şaýat boldym. Soňra ol, aýallar onuň aýdan zatlaryny eşidip bilen däldirler öýdüp, olaryň ýanyna bardy. Onuň ýany bilen Bilal hem baryp, donuny ýere ýazdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (aýallara) wagyz-nesihat edip, sadaka bermeklerini emr etdi. Aýallar öz (bezeg şaý seplerini orta) zyňyp başladylar”. (Hadysy rowaýat eden) Eýýub olaryň (gulakhalkalaryny we monjuklaryny zyňandyklaryny aýtjak bolup), öz gulagyna we boýnuna yşarat edip görkezdi.