"Enes (ibn Mälik Allah ondan razy bolsyn) şeýle gürrüň berýär: “Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsyn, ony zekat toplamak üçin ugradan wagty) oňa Allahyň öz Resuly sallallahu aleýhi weselleme emr eden zatlaryny beýan edýän bir hat ýazdy. (Bu hatda şeýle beýan edilýär):
“Kimiň (düýelerinden) bermeli zekady bir ýaşar urkaçy düýe bolup, onuň hem bir ýaşar düýesi bolman, iki ýaşar düýesi bolsa, onda onuň şol düýesi zekat hökmünde kabul ediler, ýöne welin sadaka toplaýan adam tarapyndan düýäniň eýesine ýigrimi dirhem ýa-da iki goýun gaýtaryp bermelidir. Eger-de (zekat bermeli kişiniň) bir ýaşar urkaçy düýesi bolman, iki ýaşar erkek düýesi bar bolsa, ony hem kabul ediler, ýöne hiç zat gaýtarylyp berilmez”."