1446

31-nji bap

1446

31-nji bap

1446

31-nji bap

Ummu ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Nuseýbe Ensaryýýa ýagny, özüne (zekatdan) bir goýun beripdirler. Ol hem onuň etinden, bir bölegini Aişa (Allah ondan razy bolsyn) iberdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Iýer ýaly zadyňyz barmy?” diýip sorady. Aişa hem: “Ýok, diňe şol Nuseýbäniň şol goýundan iberen bir bölek etinden başga zat ýok” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Getir şony! Ol eýýäm ýerine düşdi” diýdi”.

حَدَّثَنَا أَحْمَدُ بْنُ يُونُسَ، حَدَّثَنَا أَبُو شِهَابٍ، عَنْ خَالِدٍ الحَذَّاءِ، عَنْ حَفْصَةَ بِنْتِ سِيرِينَ، عَنْ أُمِّ عَطِيَّةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: بُعِثَ إِلَى نُسَيْبَةَ الأَنْصَارِيَّةِ بِشَاةٍ، فَأَرْسَلَتْ إِلَى عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا مِنْهَا، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «عِنْدَكُمْ شَيْءٌ؟» فَقُلْتُ: لاَ، إِلَّا مَا أَرْسَلَتْ بِهِ نُسَيْبَةُ مِنْ تِلْكَ الشَّاةِ، فَقَالَ: «هَاتِ، فَقَدْ بَلَغَتْ مَحِلَّهَا«.

Salgylanma:

” •Nuseýbe Ensaryýýa bu Ummu ‘Atyýýanyň özüdir. Bu goýun, Nuseýbe Ensaryýýa üçin sadaka hökmünde berildi, ol bolsa Aişa enemize sowgat hökmünde etiň bir bölegini iberdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ol eýýäm ýerine düşdi” diýmegi, ilki berilen adama sadakady, inni sowgat hökmünde ondan iýmekligiň jaýyzdygyny tassyklady.”