1445

30-nji bap

1445

30-nji bap

1445

30-nji bap

Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Her bir musulman sadaka bermelidir”. Sahabalar: “Eý Allahyň Pygamberi! (Sadaka bermäge zat) tapmadyk adam näme etmeli?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eli bilen işläp gazanç etsin, hem özüne peýda bolar, hem-de sadaka berer” diýdi. Sahabalar: “Eger muňa-da güýji ýetmese näme?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Kynçylyga düşen bir bendä kömek etsin” diýdi. Olar ýene-de: “Eger muňa-da güýji ýetmese näme etmeli?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Haýyr işleri edip, ýamanlyk etmekden saklansyn, çünki, bu-da onuň üçin sadaka bolar” diýdi”.

حَدَّثَنَا مُسْلِمُ بْنُ إِبْرَاهِيمَ، حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، حَدَّثَنَا سَعِيدُ بْنُ أَبِي بُرْدَةَ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ جَدِّهِ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: «عَلَى كُلِّ مُسْلِمٍ صَدَقَةٌ»، فَقَالُوا: يَا نَبِيَّ اللَّهِ، فَمَنْ لَمْ يَجِدْ؟ قَالَ: «يَعْمَلُ بِيَدِهِ، فَيَنْفَعُ نَفْسَهُ وَيَتَصَدَّقُ» قَالُوا: فَإِنْ لَمْ يَجِدْ؟ قَالَ: «يُعِينُ ذَا الحَاجَةِ المَلْهُوفَ» قَالُوا: فَإِنْ لَمْ يَجِدْ؟ قَالَ: «فَلْيَعْمَلْ بِالْمَعْرُوفِ، وَلْيُمْسِكْ عَنِ الشَّرِّ، فَإِنَّهَا لَهُ صَدَقَةٌ«.