"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “Gysganç bilen sahy adamyň mysaly, göwüslerinden eginlerine çenli iki sany demir don geýen adamyň halyna meňzär.
Sahy adam sadaka berdigiçe, egnindäki dony giňäp, aýaklarynyň barmaklaryna çenli uzap örter, hat-da aýak yzlarynam aýryp (tekizläp gaýdar).
Emma gysganç adam bir zat berjek bolsa, (egnindäki demir donunyň) halkalary biri-birinden geçip, ýapyşyp, ony gysyp başlar. Hernäçe giňeltjek bolsa-da giňelmez”."