Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Eger-de, bir aýal maşgala öz adamsynyň tagamyndan hiç kime zyýan ýetirmezden (mätäçlere) tagam berse, munuň üçin ol aýala sogap bolar, adamsyna-da şonça sogap bolar. Şol zatlary saklap berýän sakçysyna-da, edil şonuň ýaly sogap bolar. Adamsyna gazanany üçin, aýalyna-da sadaka bereni üçin sogap beriler”.