Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Eger-de, bir aýal maşgala öz adamsynyň tagamyndan hiç kime zyýan ýetirmezden sadaka berse, munuň üçin ol aýala sogap beriler, (şol zatlary) gazanany üçin ýoldaşyna-da sogap bolar. Şol zatlary saklap berýän adama-da, edil şonuň ýaly sogap beriler”.