Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem baýram güni çykyp, iki rekagat namaz okady. Şondan öňem, soňam başga hiç hili namaz okamady. Soňra Bilal bilen bilelikde aýallaryň ýanyna baryp, olara wagyz-nesihat edip, sadaka bermeklerini emr etdi. Aýallar ellerindäki bileziklerini, gulakhalkalaryny (çykaryp orta) zyňyp başladylar”.