Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem münberiň üstünde, sadaka bermek we dilegçilikden saklanyp, abraýly ýaşamak, hakynda gürrüň berip, şeýle diýdi: “Ýokarky (beren) el, aşaky (alan) elden haýyrlydyr. Ýokarky el – beren eldir, aşaky el bolsa, dilegçilik edýän eldir”.