Hekim ibn Hizamden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ýokarky (beren) el, aşaky (alan) elden haýyrlydyr. Haýyr-sahawaty, sadakany ilki bilen eklemek boýnuňda bolanlardan başla! Sadakaň iň haýyrlysy artykmaç baýlykdan berilen sadakadyr. Dilegçilikden saklanan adamy, Allah hiç kime mätäç eýlemez. Kimde-kim Allahyň berenine kanagat edip, kişiniň baýlygyna göz dikmese, Allah ony baý edip, başgalara mätäç bolmakdan halas eder”.