"Abdulazyz ibn Suheýbden rowaýat edilmegine görä, ol men Enesiň (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hajathana giren wagty şeýle diýerdi: “Allahummä inni a‘uzu bikä minäl- hubusi, wäl-habais” (Allahym! Men hubusdan we habaisden saňa sygynýaryn).
Gundar, Şu’badan rowaýat edip: “Haçan-da, hajathana gelende” diýdi.
Musa ibn Ismaýyl bolsa Hammaddan rowaýat edip: “Hajathana girende” diýdi.
Sa’yd ibn Zeýdiň aýtmagyna görä, Abdulazyz bize: “Hajathana girmekçi bolanda” diýip aýtdy diýdi."