Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna bir adam gelip: “Ýa Resulallah! Haýsy sadakanyň sogaby has ulydy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Janyň sag bolup, garyp düşmekden gorkup, baý bolmagy arzuw eden wagtyň malyňdan gysganyp beren sadakaňdyr. Sen bu işi jan bokurdaga gelip: “Pylana şunça, pylanada şunça” diýjek günüňe çenli saklap goýma. Çünki, ol gün şeýle hem pylanyňky boljakdyr” diýdi”.