Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Siziň mal-baýlygyňyz köpelip, dolup aşýança, Kyýamat gopmaz. Hatda, mal eýesi (bermäge adam tapman) kim sadaka kabul ederkä, diýip alada eder. Mal eýesi sadakasyny hödürlän mahaly, hödürlenen adam: “Maňa gerek däl diýer”.