"Ahnaf ibn Kaýs şeýle gürrüň berdi: “Bir gün men kureýişli bir jemagatyň ýanynda otyrdym. Aňrydan örän gödek saçly, egin-eşigi gödek, haýbatly bir adam gelip, olaryň garşysynda durup olara salam berdi we soňra: “Altyn-kümüş ýygnap (Allah ýolunda harçlamaýanlara) jähennem odunda gyzdyrylan bir daş bilen buşluk beriň. Ol daşy olaryň mämeleriniň ujunda goýarlar, ol deşip pilçe süňklerinden çykar. Soňra (tersine) pilçe süňklerinde goýarlar, daş mämeleriniň ujundan çykar. Şeýdip bu ikisiniň arasynda gelip, gider durar” diýdi.
Bu sözleri aýdandan soň, ol adam bir sütüniň gapdalyna geçip otyrdy, men hem onuň yzyna düşüp ýanynda oturdym. Men onuň kimdigini bilmeýärdim. Men oňa: “Bu adamlar seniň aýdanlaryňy halamadylar öýdýärin!” diýdim. Ol şonda: “Olar hiç zada düşünmeýärler” diýip jogap berdi..."