1406

4-nji bap

1406

4-nji bap

1406

4-nji bap

"Zeýd ibn Wahbden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Rabaza (diýilýän ýerden) geçip barýarkam, Ebu Zerre (Allah ondan razy bolsyn) duş geldim. Men ondan: “Seni bu ýerlere getiren zat näme”? diýip soradym.Ol şeýle jogap berdi: “Haçanda, men Şamda wagtym, “Altyn-kümüş ýygnap, olary Allah ýolunda sarp etmeýänler”. {Toba:34} diýen aýat hakynda Muawiýa bilen ikimiziň aramyzda düşünişmezlik boldy. Muawiýa: “Bu aýatlar ählikitap (ýehudy we hristiýanlar) hakynda indi” diýdi. Men bolsam: “Bu aýatlar biziň üçinem olar üçinem inen aýatlardyr” diýdim. Bu meselede meniň bilen onuň arasynda dawa boldy. Muawiýa meniň üstümden şikaýat edip, Osmana (Allah ondan razy bolsyn) hat ýazdy. Şondan soň Osman maňa Medinä gel diýip hat ugratdy. Medinä gelenimde, adamlar meni öň hiç haçan görmedik ýaly bolup, daşyma üýşip başladylar. Men muny Osmana gürrüň berdim. Ol maňa: “Isleseň, ýakyn bir ýere çekilip, şol ýerde galaý!” diýdi. “Ine, şol sebäpli hem men şu ýerde galdym. Egerde, meniň üstüme bir Habeşistanly birini hökümdar edip bellän bolsalar-dy, men hökman oňa boýun bolup, gulak asardym” diýdi."

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ أَبِي هَاشِمٍ، سَمِعَ هُشَيْمًا، أَخْبَرَنَا حُصَيْنٌ، عَنْ زَيْدِ بْنِ وَهْبٍ، قَالَ: مَرَرْتُ بِالرَّبَذَةِ فَإِذَا أَنَا بِأَبِي ذَرٍّ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، فَقُلْتُ لَهُ: مَا أَنْزَلَكَ مَنْزِلكَ هَذَا؟ قَالَ: كُنْتُ بِالشَّأْمِ، فَاخْتَلَفْتُ أَنَا وَمُعَاوِيَةُ فِي: ﴿الَّذِينَ يَكْنِزُونَ الذَّهَبَ وَالفِضَّةَ وَلاَ يُنْفِقُونَهَا فِي سَبِيلِ اللَّهِ﴾ [التوبة: 34]، قَالَ مُعَاوِيَةُ: نَزَلَتْ فِي أَهْلِ الكِتَابِ، فَقُلْتُ: نَزَلَتْ فِينَا وَفِيهِمْ، فَكَانَ بَيْنِي وَبَيْنَهُ فِي ذَاكَ، وَكَتَبَ إِلَى عُثْمَانَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ يَشْكُونِي، فَكَتَبَ إِلَيَّ عُثْمَانُ: أَنِ اقْدَمِ المَدِينَةَ فَقَدِمْتُهَا، فَكَثُرَ عَلَيَّ النَّاسُ حَتَّى كَأَنَّهُمْ لَمْ يَرَوْنِي قَبْلَ ذَلِكَ، فَذَكَرْتُ ذَاكَ لِعُثْمَانَ، فَقَالَ لِي: إِنْ شِئْتَ تَنَحَّيْتَ، فَكُنْتَ قَرِيبًا، «فَذَاكَ الَّذِي أَنْزَلَنِي هَذَا المَنْزِلَ، وَلَوْ أَمَّرُوا عَلَيَّ حَبَشِيًّا لَسَمِعْتُ وَأَطَعْتُ

Salgylanma:

” •Rabaza Mekge bilen Medinäniň aralygyndaky bir ýeriň ady. Ebu Zerr radyýallahu anhu şol ýerde hem wepat boldy. • Muawiýe bilen araňyzda näme boldy, näme sebäpden Şamdan çykyp gaýtdyň diýip soramaga başlapdyrlar. • Ýagny Efiýopaly bir garaýagyz gul hökümdar bolsada, diýmek isledi.”