1390

96-nji bap

1390

96-nji bap

1390

96-nji bap

"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hiç haçan gutulyp bilmedik hassalygy döwründe: “Pygamberleriniň gabyrlaryny mesjid edinýän ýehudylara we hristiýanlara Allah nälet etsin!” diýdi. Aişa şeýle diýdi: “Eger-de şeýle ýagdaý bolmadyk bolsady, onda ol açyk meýdanda jaýlanardy. Emma onuň gabyryny bir ybadat edilýän mesjide öwrülmeginden gorky bardy”. Sufýan Et-Tammardan rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň guburynyň (düýäniň örküji ýaly) tümmek edilen ýagdaýyny görüpdir. Hişam ibn ‘Urwa kakasyndan rowaýat edip şeýle diýipdir: “Welid ibn Abdulmelik halyf bolan döwründe (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) jaýlanan jaýynyň bir diwary ýykyldy. Ony (täzeden) bina edip dikeltmäge başladylar. Şol wagt olara bir aýak göründi. Olar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýagydyr öýdüp, gorkdylar. Ony bilýän hiç kimi tapyp bilmediler. Ahyrynda ‘Urwa (ibn Zubeýr) olara: “Ýok, Allahdan ant içýärin, bu aýak Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýagy däldir. Bu aýak Omar ibn Hattabyň (Allah ondan razy bolsun) aýagydyr” diýdi."

"حَدَّثَنَا مُوسَى بْنُ إِسْمَاعِيلَ، حَدَّثَنَا أَبُو عَوَانَةَ، عَنْ هِلاَلٍ هُوَ الوَزَّانُ، عَنْ عُرْوَةَ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ فِي مَرَضِهِ الَّذِي لَمْ يَقُمْ مِنْهُ: «لَعَنَ اللَّهُ اليَهُودَ وَالنَّصَارَى اتَّخَذُوا قُبُورَ أَنْبِيَائِهِمْ مَسَاجِدَ»، لَوْلاَ ذَلِكَ أُبْرِزَ قَبْرُهُ غَيْرَ أَنَّهُ خَشِيَ - أَوْ خُشِيَ - أَنَّ يُتَّخَذَ مَسْجِدًا وَعَنْ هِلاَلٍ، قَالَ: «كَنَّانِي عُرْوَةُ بْنُ الزُّبَيْرِ وَلَمْ يُولَدْ لِي«. حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ مُقَاتِلٍ، أَخْبَرَنَا عَبْدُ اللَّهِ، أَخْبَرَنَا أَبُو بَكْرِ بْنُ عَيَّاشٍ، عَنْ سُفْيَانَ التَّمَّارِ، أَنَّهُ حَدَّثَهُ: «أَنَّهُ رَأَى قَبْرَ النَّبِيِّ ﷺ مُسَنَّمًا«. حَدَّثَنَا فَرْوَةُ، حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ مُسْهِرٍ، عَنْ هِشَامِ بْنِ عُرْوَةَ، عَنْ أَبِيهِ، لَمَّا سَقَطَ عَلَيْهِمُ الحَائِطُ فِي زَمَانِ الوَلِيدِ بْنِ عَبْدِ المَلِكِ، أَخَذُوا فِي بِنَائِهِ فَبَدَتْ لَهُمْ قَدَمٌ، فَفَزِعُوا وَظَنُّوا أَنَّهَا قَدَمُ النَّبِيِّ ﷺ، فَمَا وَجَدُوا أَحَدًا يَعْلَمُ ذَلِكَ حَتَّى قَالَ لَهُمْ عُرْوَةُ: «لاَ وَاللَّهِ مَا هِيَ قَدَمُ النَّبِيُّ ﷺ، مَا هِيَ إِلَّا قَدَمُ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ«."