"Semure ibn Jundubden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ertir) namazyny okap bolandan soň, ýüzüni bize tarap öwürip: “Şu gije düýş göreniňiz barmy?” diýip sorardy. Görenler bar bolsa, düýşini aýdyp bererdi. Ol hem Allahy isleýşi ýaly (ýorup) bererdi.
Bir gün ýene-de irden Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize: “Şu gije düýş göreniňiz barmy?” diýip sorardy. Biz “Ýok” diýdik. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Ýöne men şu gije bir düýş gördüm. (Düýşümde) iki sany adam gelip, elimden tutup, meni mukaddes bir ýere çykardylar.
Ol ýerde bir adam otyrdy. Eli demir çeňňekli ýene başga bir adam hem dik durdy. Ol dik duran adam elindäki demir çeňňegi oturan adamyň agzynyň bir tarapyndan sokup, tä ýeňsesine çenli çekip ýyrtyp duranyny gördüm. Soňra beýleki tarapyna hem geçip, edil şonuň ýaly ederdi. Şol aralykda agzynyň beýleki tarapy edil öňküsi ýaly düzelýärdi. Soňra onuň o tarapyna geçip ýene-de öňki edişi ýaly edýärdi. Men: “Bu näme bollugy?” diýip soradym. Olar maňa: “Ýöre, gidiber!” diýdiler.
Şeýdip, biz ýolumyzy dowam etdik. Ýolda arkan süýnüp ýatan bir adamyň üstünden bardyk. Onuň baş ujunda elinde daş göterip duran ýene-de başga biri bardy. Ol elindäki daş bilen (süýnüp ýatan adamyň) kellesini urup, mynjyradýardy. Soňra daş togalanyp gidýärdi. Ol adam daşy alyp gelýänçä, onuň kellesi öňküsi ýaly gowulaşýardy. Soňra onuň ýanyna gelip ýene-de daş bilen urardy. Men: “Bu kim?” diýip soradym. Olar: “Ýöre, gidiber!” diýdiler.
Biz ýene-de ýöräp gitdik we tamdyr ýaly aşagy giň ýokarysy dar bir deşigiň ýanyna bardyk. Onuň aşagynda-da ot ýanyp durdy. Haçan-da alawly ot gelip olaryň aşaklaryna ýakynlaşanda, olar edil daşyna çykaýjak ýaly bolup, ýokaryk tarap galýardylar, ot peselen wagty hem, olar yzyna gaýdyp, aşak düşýärdiler. Onuň içinde ýalaňaç erkekler we ýalaňaç aýallar bardy. Men: “Bular kim?” diýip soradym. Olar bolsa: “Ýöre, gidiber!” diýdiler.
Biz ýene-de ýöräp, ganly bir derýanyň ýanyna geldik. Onuň içinde, ortasynda bir adam durdy we ol adamyň garşysynda, öňünde kän daş ýygnap goýan başga bir adam bardy. Haçanda derýanyň içindäki adam çykjak bolan wagty, beýleki adam, daş bilen onuň agzyna urup, ony yzyna gaýtarýardy. Her gezek çykjak bolup kenara tarap baranda, kenardaky derrew agzyna bir daş atardy we ol öňki ýerine gaýdardy. Men: “Bu näme?” diýip soradym. Olar maňa: “Ýöre, gidiber!” diýdiler.
Biz ýene ýöräp gitdik, soňra ýap-ýaşyl öwsüp duran bir baga geldik. Onuň içinde uly bir agaç bardy. Bagyň aşagynda bir garry ýaşuly adam we (bir topar) çagalar bardy. Bagyň golaýynda ýene-de öňünde ot ýakyp duran bir adam bardy. Meni şol agajyň üstine çykaryp, bir öýe saldylar, onuň ýaly owadan öý men hiç haçan görmändim. Ol ýerde ýaşulylar, ýaşlar, aýallar we çagalar bardy. Soňra olar meni ol ýerden çykaryp, agajyň has ýokarsyndaky başga bir öýe saldylar, ol öý öňkiden hem has owadan we gowudy. Ol öýde ýaşulylar we ýaşlar bardy.
Soňra men (ýanymdaky ol ikisine): “Siz meni bu gije gezdirip bildiňiz, indi bolsa meniň gören zatlarym hakynda habar beriň!” diýdim. Olar: “Bolýar, aýdyp bereli” diýdiler;
Agzy ýyrtylyp duranyny gören adamyň, ol bir ýalançy adamdy. Ol mydama ýalan sözlärdi, onuň ýalan sözleri çar tarapa ýaýrardy. Indi, oňa Kyýamat gününe çenli, şeýle azap beriler.
Kellesi ýarylyp duran adam bolsa, Allahyň Kuran öwreden adamsydy. Emma ol (munuň gadyryny bilmän) gijelerine ýatyp, gündizlerine-de onuň bilen amal etmedik adamdy. Indi, oňa Kyýamat gününe çenli şeýle azap beriler.
Deşigiň içindäki görenleriň bolsa, olar zynakeşlerdi (zyna eden erkekler we aýallardy).
Derýadaky gören adamyň bolsa, ryba (prosent) iýýän (süýthor) adamlardy.
Agajyň aşagyndaky ýaşuly adam, Ibrahym aleýhissalamdy. Daş-töweregindäki çagalar bolsa, ynsanlaryň çagalarydy. Ot ýakyp duran adam bolsa, dowzahyň sakçysy Mälikdi.
Ilkinji giren öýüň, umumy mu’minleriň öýidi. Emma bu köşk, şehidleriň köşgidir.
Men – Jebraýyl, bu bolsa – Mikaýyl. Indi bolsa kelläňi galdyr. Kellämi galdyrdym, ýokarymda bulut ýaly zady gördim. Olar maňa: “O-da seniň menziliň (ýeriňdir)” diýdiler. Men: “Maňa öz menzilime girmäge rugsat beriň!” diýdim. Olar maňa: “Seniň entäk tamamlanmadyk ömrüň bar, haçanda ol tamamlanandan soň, sen öz ýeriňe gelersiň” diýdiler. "