1374

86-nji bap

1374

86-nji bap

1374

86-nji bap

"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Allahyň bir bendesini gabrynda goýulup, ýoldaşlary yzyna öwrülip gidenlerinde, olaryň aýakgaplarynyň sesini eşider we şol wagt onuň ýanyna iki sany perişde gelip, ony oturdarlar we ondan: “Sen bu adam, ýagny, Muhhamed sallallahu aleýhi wesellem barada näme aýdardyň?” diýip sorarlar. Mu’min adam: “Men onuň Allanyň guly we Resulydygyna şaýatlyk edýärin” diýer. Perişdeler oňa: “Dowzahdaky ýeriňe bir seret. Allah Tagala ony Jennetde bir ýer bilen çalyşdy” diýerler. Ol adam (şol wagt Jennetdäki we dowzahdaky) iki ýerini hem birden görer. (Katada: “Bize ol mu’miniň gabyrynyň giňeldiljekdigi hem habar berildi” diýdi. Soňra Katada ýene-de Enesiň hadysyna gaýdyp geldi, we şeýle diýdi): “Emma ol ölen adam kapyr (ýa-da munafyk) bir adam bolsa, ondan hem: “Sen bu adam barada näme aýdardyň?” diýip sorarlar. Ol adam: “Bilmedim, men diňe adamlar näme diýen bolsa, menem şony aýdardym” diýer. Soňra oňa: “Sen (Ol hakda) biljegem, okajagam bolmadyň!” diýerler. Soňra ony demir gürziler bilen urarlar. Ol şeýle bir ses edip gygyrar, onuň sesini adamlardan we jynlardan başga töweregindäki ähli zatlar eşider”."

حَدَّثَنَا عَيَّاشُ بْنُ الوَلِيدِ، حَدَّثَنَا عَبْدُ الأَعْلَى، حَدَّثَنَا سَعِيدٌ، عَنْ قَتَادَةَ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، أَنَّهُ حَدَّثَهُمْ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ قَالَ: إِنَّ العَبْدَ إِذَا وُضِعَ فِي قَبْرِهِ وَتَوَلَّى عَنْهُ أَصْحَابُهُ، وَإِنَّهُ لَيَسْمَعُ قَرْعَ نِعَالِهِمْ، أَتَاهُ مَلَكَانِ فَيُقْعِدَانِهِ، فَيَقُولاَنِ: مَا كُنْتَ تَقُولُ فِي هَذَا الرَّجُلِ لِمُحَمَّدٍ ﷺ، فَأَمَّا المُؤْمِنُ، فَيَقُولُ: أَشْهَدُ أَنَّهُ عَبْدُ اللَّهِ وَرَسُولُهُ، فَيُقَالُ لَهُ: انْظُرْ إِلَى مَقْعَدِكَ مِنَ النَّارِ قَدْ أَبْدَلَكَ اللَّهُ بِهِ مَقْعَدًا مِنَ الجَنَّةِ، فَيَرَاهُمَا جَمِيعًا - قَالَ قَتَادَةُ: وَذُكِرَ لَنَا: أَنَّهُ يُفْسَحُ لَهُ فِي قَبْرِهِ، ثُمَّ رَجَعَ إِلَى حَدِيثِ أَنَسٍ - قَالَ: وَأَمَّا المُنَافِقُ وَالكَافِرُ فَيُقَالُ لَهُ: مَا كُنْتَ تَقُولُ فِي هَذَا الرَّجُلِ؟ فَيَقُولُ: لاَ أَدْرِي كُنْتُ أَقُولُ مَا يَقُولُ النَّاسُ، فَيُقَالُ: لاَ دَرَيْتَ وَلاَ تَلَيْتَ، وَيُضْرَبُ بِمَطَارِقَ مِنْ حَدِيدٍ ضَرْبَةً، فَيَصِيحُ صَيْحَةً يَسْمَعُهَا مَنْ يَلِيهِ غَيْرَ الثَّقَلَيْنِ.