1312

49-nji bap

1312

49-nji bap

1312

49-nji bap

"Bize ‘Amr ibn Murre gürrüň berip şeýle diýdi: “Men Abdurrahman ibn Ebu Leýlanyň şeýle diýenini eşitdim: “Bir gezek, Sähl ibn Huneýf we Kaýs ibn Sa’d dagylar Kadisiýada otyrkalar, olaryň ýanyndan bir ölini göterip geçdiler. Olar derrew ýerlerinden turdylar. Olara: “Bu jeset şu ýerli ýaşaýjylara degişi!” (ýagny, ölen adamyň zimmilere degişlidigini) habar berdiler. Olar şonda: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyndan bir jesedi göterip geçenlerinde, ol ýerinden turupdy. Oňa: “Bu bir ýehudynyň jesedi” diýenlerinde bolsa: “Eýsem ol adam dälmi näme?” diýipdi."

حَدَّثَنَا آدَمُ، حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ مُرَّةَ، قَالَ: سَمِعْتُ عَبْدَ الرَّحْمَنِ بْنَ أَبِي لَيْلَى، قَالَ: كَانَ سَهْلُ بْنُ حُنَيْفٍ، وَقَيْسُ بْنُ سَعْدٍ قَاعِدَيْنِ بِالقَادِسِيَّةِ، فَمَرُّوا عَلَيْهِمَا بِجَنَازَةٍ، فَقَامَا، فَقِيلَ لَهُمَا إِنَّهَا مِنْ أَهْلِ الأَرْضِ أَيْ مِنْ أَهْلِ الذِّمَّةِ، فَقَالاَ: إِنَّ النَّبِيَّ ﷺ مَرَّتْ بِهِ جِنَازَةٌ فَقَامَ، فَقِيلَ لَهُ: إِنَّهَا جِنَازَةُ يَهُودِيٍّ، فَقَالَ: «أَلَيْسَتْ نَفْسًا».

Salgylanma:

Kadisiýýe bu Kufa şäheriniň golaýynda musulmanlar bilen parslaryň arasynda söweş edilen bir ýeriň ady.