1301

41-nji bap

1301

41-nji bap

1301

41-nji bap

"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ebu Talhanyň syrkaw bir ogly bardy. Ebu Talha öýünden çykan wagty ogly dünýäden gaýtdy. Aýaly (Ummu Suleým) oglunyň ölendigini görüp, gerekli taýýarlyklary gördi we ony öýüň bir çüňkünde gizläp goýdy. Ebu Talha öýüne gaýdyp gelende: “Oglan nähili?” diýip sorady. Ummu Suleým: “Ol köşeşdi we ol häzir öňküsinden hem rahat ýatandyr, diýip umyt edýärin!” diýdi. Ebu Talha aýaly dogrusyny aýdýandyr öýdüp, geçip aýaly bilen ýatdy. Irden turup suwa düşdi we öýden çykjak bolan wagty, aýaly oňa çaganyň ölendigini habar berdi. Soňra Eby Talha baryp, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen namaz okady we Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme olaryň arasynda bolup geçen zatlaryň hemmesini habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahdan siziň bu gijäňizi mübärek etmegini umyt edýärin!” diýdi. Ensarylardan biri şeýle diýdi: “Men olaryň dokuz sany ogullarynyň bolandygyny gördüm, olaryň hemmesi hem Kuran okardylar”."

حَدَّثَنَا بِشْرُ بْنُ الحَكَمِ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ بْنُ عُيَيْنَةَ، أَخْبَرَنَا إِسْحَاقُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ أَبِي طَلْحَةَ، أَنَّهُ سَمِعَ أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، يَقُولُ: اشْتَكَى ابْنٌ لِأَبِي طَلْحَةَ، قَالَ: فَمَاتَ، وَأَبُو طَلْحَةَ خَارِجٌ، فَلَمَّا رَأَتِ امْرَأَتُهُ أَنَّهُ قَدْ مَاتَ هَيَّأَتْ شَيْئًا، وَنَحَّتْهُ فِي جَانِبِ البَيْتِ، فَلَمَّا جَاءَ أَبُو طَلْحَةَ قَالَ: كَيْفَ الغُلاَمُ، قَالَتْ: قَدْ هَدَأَتْ نَفْسُهُ، وَأَرْجُو أَنْ يَكُونَ قَدِ اسْتَرَاحَ، وَظَنَّ أَبُو طَلْحَةَ أَنَّهَا صَادِقَةٌ، قَالَ: فَبَاتَ، فَلَمَّا أَصْبَحَ اغْتَسَلَ، فَلَمَّا أَرَادَ أَنْ يَخْرُجَ أَعْلَمَتْهُ أَنَّهُ قَدْ مَاتَ، فَصَلَّى مَعَ النَّبِيِّ ﷺ، ثُمَّ أَخْبَرَ النَّبِيَّ ﷺ بِمَا كَانَ مِنْهُمَا، فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ: «لَعَلَّ اللَّهَ أَنْ يُبَارِكَ لَكُمَا فِي لَيْلَتِكُمَا» قَالَ سُفْيَانُ: فَقَالَ رَجُلٌ مِنَ الأَنْصَارِ: فَرَأَيْتُ لَهُمَا تِسْعَةَ أَوْلاَدٍ كُلُّهُمْ قَدْ قَرَأَ القُرْآنَ.