1299

40-nji bap

1299

40-nji bap

1299

40-nji bap

"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme Ibn Harisiň, Ja‘faryň we Ibn Rowahanyň şehid edilendigi hakyndaky habar gelende, ol dik duran ýerinden aşak oturdy we onuň gamlanyp, gaýga batanlygy görünip durdy. Men şol wagt gapynyň boşlugyndan oňa seredip durdym. Bir adam onuň ýanyna gelip: “Ja‘faryň aýallary...” diýip, olaryň (ses edip) aglaýyşlaryny habar berdi. Pygamberimiz sallallahu wleýhi wesellem olara muny gadagan etmekligi ol gelen adama tabşyrdy. Ol adam gidip soňra yzyna gaýdyp geldi-de, aýallaryň oňa gulak asmaýandyklaryny habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Barda olara gadagan et!” diýdi. Ol adam üçülenji gezek hem yzyna gaýdyp geldi-de: “Allahdan ant içýärin, olar bizden üstün çykdylar, ýa Resulallah!” diýdi. Aişa (enemiz): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň: “Onda olaryň agyzlaryna toprak seç!” diýendigini aýtdy. Aişa şeýle diýdi: “Men ol adama: “Allah seniň burnuňy ýerden süýresin! Sen ne Pygamberimiz sallallahu wleýhi wesellemiň tabşyrygyny ýerine ýetirdiň, ne-de Resulullah sallallahu wleýhi wesellemi gaýgylanyp durka, öz gününe goýduň!” diýdim”. "

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ المُثَنَّى، حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَهَّابِ، قَالَ: سَمِعْتُ يَحْيَى، قَالَ: أَخْبَرَتْنِي عَمْرَةُ، قَالَتْ: سَمِعْتُ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: لَمَّا جَاءَ النَّبِيَّ ﷺ قَتْلُ ابْنِ حَارِثَةَ، وَجَعْفَرٍ، وَابْنِ رَوَاحَةَ جَلَسَ يُعْرَفُ فِيهِ الحُزْنُ وَأَنَا أَنْظُرُ مِنْ صَائِرِ البَابِ شَقِّ البَابِ، فَأَتَاهُ رَجُلٌ فَقَالَ: إِنَّ نِسَاءَ جَعْفَرٍ وَذَكَرَ بُكَاءَهُنَّ، فَأَمَرَهُ أَنْ يَنْهَاهُنَّ، فَذَهَبَ، ثُمَّ أَتَاهُ الثَّانِيَةَ، لَمْ يُطِعْنَهُ، فَقَالَ: «انْهَهُنَّ» فَأَتَاهُ الثَّالِثَةَ، قَالَ: وَاللَّهِ لَقَدْ غَلَبْنَنَا يَا رَسُولَ اللَّهِ، فَزَعَمَتْ أَنَّهُ قَالَ: «فَاحْثُ فِي أَفْوَاهِهِنَّ التُّرَابَ»، فَقُلْتُ: أَرْغَمَ اللَّهُ أَنْفَكَ، لَمْ تَفْعَلْ مَا أَمَرَكَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، وَلَمْ تَتْرُكْ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ مِنَ العَنَاءِ.

Salgylanma:

“• Mu‘te söweşinde şehid edildiler • Ýagny Allah seni masgara etsin! diýen ýaly gaharyň gelende aýdylýan söz eken. ”