1287

32-nji bap

1287

32-nji bap

1287

32-nji bap

"Ibn Abbas hem (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýdi: “Omar (Allah ondan razy bolsyn) merhumyň maşgalasynyň her bir aglamagy üçin däl-de, käbir aglamagy sebäpli azap beriljekdigini aýdardy. Ibn Abbas eýle gürrüň berdi: “Biz Omar bilen (Allah ondan razy bolsyn) bilelikde, Mekgeden çykyp, Al-Baýdaa diýilen ýere gelip ýetenimizde, ullakan bir semure agajynyň kölegesinde bir näçe ýolagçy adamlary gördük. Omar maňa: “Olar kimler, bar-da görüp gel!” diýdi. Men baryp gördüm we olaryň içinden Suheýbi tanadym we gelip Omara habar berdim. Omar: “Ony meniň ýanyma çagyr” diýdi. Men Suheýbiň ýanyna baryp: “Emirul mu’mininiň ýanyna barda, onuň yzyna düş” diýdim. Soňrak, haçanda Omar ýaralanan wagtynda, Suheýb aglap Omaryň ýanyna girdi we: “Waý, doganym! Waý, meniň dostym!” diýip perýat edip başlady. Omar (Allah ondan razy bolsyn) oňa şeýle diýdi: “Eý Suheýb! Sen meniň üçin aglaýarsyňmy? Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Maşgalasynyň aglamagy sebäpli, ölä azap berilýändir” diýip aýtdy, diýdi. "

فَقَالَ ابْنُ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: قَدْ كَانَ عُمَرُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ يَقُولُ بَعْضَ ذَلِكَ، ثُمَّ حَدَّثَ، قَالَ: صَدَرْتُ مَعَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ مِنْ مَكَّةَ، حَتَّى إِذَا كُنَّا بِالْبَيْدَاءِ إِذَا هُوَ بِرَكْبٍ تَحْتَ ظِلِّ سَمُرَةٍ، فَقَالَ: اذْهَبْ، فَانْظُرْ مَنْ هَؤُلاَءِ الرَّكْبُ، قَالَ: فَنَظَرْتُ فَإِذَا صُهَيْبٌ، فَأَخْبَرْتُهُ فَقَالَ: ادْعُهُ لِي، فَرَجَعْتُ إِلَى صُهَيْبٍ فَقُلْتُ: ارْتَحِلْ فَالحَقْ أَمِيرَ المُؤْمِنِينَ، فَلَمَّا أُصِيبَ عُمَرُ دَخَلَ صُهَيْبٌ يَبْكِي يَقُولُ: وَا أَخَاهُ وَا صَاحِبَاهُ، فَقَالَ عُمَرُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: يَا صُهَيْبُ، أَتَبْكِي عَلَيَّ، وَقَدْ قَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ: «إِنَّ المَيِّتَ يُعَذَّبُ بِبَعْضِ بُكَاءِ أَهْلِهِ عَلَيْهِ«.

Salgylanma:

• Mu’minleriň emiri Omar