Zeýneb bint Ebu Selemeden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, Şamdan Ebu Sufýanyň öldi habary gelende, Ummu Habiba (Allah ondan razy bolsyn) üçülenji güni şafrandan ýasalan sary hoşboý ysly bir atyr getirmeklerini isledi. Ondan ýaňaklaryna, ellerine çalynandan soň şeýle diýdi: “Bu ysyň (bezenmegiň) asla maňa geregi ýok, ýöne men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim: “Allaha we Ahyret gününe iman eden aýalyň öli üçin üç günden artyk ýas tutmaklygy halal däldir. Diňe adamsy üçin dört aý on gün ýas tutmalydyr” diýdi”.