"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Ubeýý aradan çykan wagty, onuň ogly Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Kakama kepenlik üçin köýnegiňi beräýdä hem-de oňa jynaza namazyny okap, onuň üçin magfiret diläp beräýdä!” diýip haýyş etdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa öz köýnegini berip: “Jynaza okamaga taýyn bolanda maňa habar ber” diýdi. Taýýar bolandan soň gelip habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem jynaza namazyna başlajak bolup durka, Omar (Allah ondan razy bolsyn) onuň donundan çekip: “Allah Tagala saňa munafyklara jynaza namazyny okamaklygy gadagan etmedimi näme?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Meniň (magfiret dilemekligi ýa-da dilemezligi) saýlamaga hukugym bar” diýdi-de, Allah Tagalanyň şu aýatyny okady: “Sen Allahdan olaryň günälerini geçmegini dileg etseňem, etmeseňem, egerde, ýetmiş gezek dileseňem, Allah olary bagyşlamaz” {Toba:80}.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Abdulla ibn Ubeýýiň jynazasyny okady. Şondan soň şu aýat indi: “Olardan ölenleriň jynaza namazyny okama, (haýyr-doga etmek üçin) olaryň mazarynyň başynda-da durma! Çünki olar Allahy we Onuň ilçisini tassyk etmediler hem-de ýoldan azaşan pasyklar hökmünde heläk boldular”. {Toba:84}.
"