Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Arafatda duran bir adam, birden öz düýesinden ýykylyp, boýnuny döwdürdi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem: “Ony sidr we suw bilen ýuwuň-da, iki bölek mata bilen kepenläň. Ýöne oňa hiç-hili hoşboý yslardan çalmaň we onuň kellesini hem örtmäň. Çünki, ol Kyýamat güni “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk” diýip telbiýe aýdan halynda direler” diýdi.