Ibn Siriniň şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme beýgat eden Ensary aýallardan bolan, Umm ‘Atyýýa (Allah ondan razy bolsyn) bir gün öz oglyny görmek üçin howlugyp Basra şäherine geldi, ýöne ony görüp ýetişmedi. Ol bize şeýle gürrüň berdi: “Haçan-da, biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gyzynyň jesedini ýuwup durkak, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň ýanymyza girip: “Ony üç gezek ýuwuň, ýa-da bäş gezek, ýa-da gerek bolsa ondanam köpräk, suw we sidr bilen ýuwuň. Iň soňkusyny bolsa kafur bilen ýuwuň. Ýuwup bolanyňyzdan soňam maňa habar beriň” diýdi. Ýuwup bolanymyzdan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize öz izaryny berip: “Ony şuňa dolaň” diýdi.